Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat-sitide milli öwüşgindäki duralgalar gurlar

23:5824.07.2019
0
13971

24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Aşgabat-siti taslamasynyň nobatdaky desgalary bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

Häkim döwlet Baştutanymyza taýýarlanylan taslamalar, şolaryň özboluşly aýratynlyklary we desgalaryň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeler barada hasabat berdi. Hususan-da, täze şäheriň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän ýolagçy duralgalarynyň taslamalary hakynda giňişleýin habar berildi. Duralgalaryň daşky keşbinde milli binagärlik babatda nusgalyk hasaplanylýan hem-de türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine mynasyp goşandyna aýdyň şaýatlyk edýän dünýä belli taryhy-medeni ýadygärlikleriň häsiýetli aýratynlyklary öz beýanyny tapdy.

«Şäheriň içindäki täze şäheriň» ýollarynyň ugrunda ýerleşdiriljek jemgyýetçilik ulagynyň duralgalary barada aýdylanda, häkimiň habar berşi ýaly, häzirki döwürde duralgalaryň taslamasy taýýarlanyldy. Şolaryň birinjisi, ak öý şekilinde bolup, döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen bir hatarda, desganyň milli we estetiki täsirliligini üpjün eder.

Taslama laýyklykda, ikinji duralga gadymy Nusaýyň şekilinde bolup, onda taryhda öçmejek yz goýan Parfiýa-türkmen döwletiniň esasy aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr. Nobatdaky duralganyň daş keşbi türkmen binagärliginiň belent nusgasy hasaplanylýan Soltan Sanjar aramgähiniň şekilindedir. 

Birwagt Türkmenistanyň çäginden geçen we häzir täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgalarynyň biri kaşaň kerwensaraýlary, köpugurly bazarlary bolan Amul şäheridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenen nobatdaky duralganyň taslamasynda şol şäheriň keşbi öz beýanyny tapdy.

Täze şäherde jemgyýetçilik ulagynyň duralgasynyň keşbinde täsin binagärlik ýadygärlikleri bilen bilelikde, Köneürgenjiň esasy aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şähergurluşygy babatda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmakda gurulýan desgalaryň binagärlik aýratynlyklary, inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz görkezilen taslamalary, umuman, makullap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň taslamalarynyň we maketleriniň awgust aýynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde guraljak halkara sergide görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz täze binalaryň gurluşygynda ulanyljak ähli serişdeleriň häzirki zaman talaplaryna kybap gelmelidigini, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan gabat gelmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň