Hytaýda oýnaýan ýewropaly, Günorta amerikaly ýyldyzlaryň sany barha artýar. Golaýda “Romanyň” italiýaly oýunçysy Stefan El Şaarawi hytaý topary “Şanhaý Şenhua” bilen şertnama baglaşdy. 26 ýaşyndaky oýunçynyň transfer bahasy 20 million ýewro diýlip kesgitlendi. 2016-njy ýylyň tomsunda 13 million ýewro baha “Milandan” “Roma” transfer bolan El Şaarawi “Monako”, “Jenoa”, “Padowa” toparlarynda-da oýnapdy. El Şaarawiniň täze toparynda kolumbiýaly Fredi Guarin hem-de nigeriýaly Odion Ighalo ýaly meşhur futbolçylar hem çykyş edýär.
Soňky habarlar
Arhiw
El Şaarawi hem Hytaýda
12:2808.07.2019
0
4216
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň