Soňky habarlar

Arhiw

Kazanda türkmenistanly sungat ussatlarynyň konserti boldy

00:3425.06.2019
0
10245

Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň sahnasynda türkmenistanly sungat ussatlarynyň konserti boldy diýip, Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi habar berýär. Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekilleri bu ýerde türkmen döwletiniň Ýolabçşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Sabantuý baýramçylygyna gatnaşdy. 

Konsertiň alyp baryjysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Annageldiýew iki ýurduň - Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň tagallasy bilen halklaryň arasyndaky dostlugyň barha berkeýändigine ünsi çekdi.

Köp sanly myhmanlaryň - Tatarystanda ýaşaýan türkmen maşgalalarynyň we bu ýerde bilim alýan türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen konserte Türkmenistanyň we Tatarystanyň medeniýet ministrleri hem myhman boldular. 

Konsertde türkmen aýdym-saz sungatynyň wekilleri, Türkmenistanyň halk artistleri Gülşat Gurdowa, Annaguly Myratdurdyýew, Parahat Amandurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýhan Kakaýewa, aýdymçylar Ahmet Atajanow, Hajy Ýazmämmedow we beýlekiler çykyş etdi. Türkmenistandan baran tans we folklor toparlarynyň çykyşlaryna hem uzak wagtlap el çarpyldy.

Tatarystanly sungat ussatlary hem öz gezeginde milli aýdymlary we tanslary ýerine ýetirdiler.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkemnistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden aýdymlary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň