Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda futzal ligasynyň ýeňijisini sylaglamak dabarasy boldy

14:1724.06.2019
0
5443

Ýurdumyzyň futzal ligasynyň ýeňijisi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” toparynynyň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirilen sylag gowşurylyş dabarasynda “Köpetdagyň” tälimçilerdir oýunçylar düzüminiň sylaglaryny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow gowşurdy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Ýurdumyzyň futzal ligasynyň “Iň ökde tälimçisi” diýlip, “Senagatbank” toparynyň baş tälimçisi Mergen Ataýew mynasyp görüldi. Futzal ligasynyň “Iň adalatly” toparyna gowşurylýan baýraga “Sergetçi” topary mynasyp boldy. “Iň ökde derwezeçi” diýen baýrak “Talyp Sporty” toparynyň derwezeçisi Berdimyrat Sapardurdyýewe gowşuryldy. “Talyp sporty” toparynyň oýunçysy Mülkaman Annagulyýew bilen “Daýhanbankyň” oýunçysy Rahman Hallyýew derwezelere geçiren 29 toplary bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orunlary eýelediler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Içeri işler minstrliginiň “Köpetdag” topary geçiren 22 duşuşygynda 53 utuk toplamagy başardy. 50 utuk toplan “Talyp sporty” topary ikinji, 47 utugy bolan “Deňizçi” topary üçünji orunlary eýelediler.

Futzal ligasynda ilkinji üç orna mynasyp bolan toparlar ýurdumyzyň futzal çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Ilkinji gezek futzal ligasy ady bilen geçirilen bäsleşik toparlaryň 12-siniň gatnaşmagynda geçirildi. Iki aýlawdan ybarat bolan futzal ligasynyň duşuşyklarynyň Aşgabatda, Türkmenbaşyda hem-de Änewde geçirilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň