Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenhowaýollary" Aşgabat - Kazan aralygyndaky gatnawy hepdede üç gezege çykardy

12:2719.06.2019
0
11530

"Türkmenhowaýollary" agentligi Aşgabat - Kazan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrdy. Bu barada Kazan şäherindäki Gabdulla Tokaýyň adyny göterýän Halkara howa menziliniň metbugat gullugy habar berýär.

Mundan ozal bu ugur boýunça her hepdäniň anna we ýekşenbe günleri iki gatnawyň amala aşyrylandygyny okyjylarymyza ýatladýarys. 3-nji iýuldan başlap bolsa bu gatnawlara ýene biri goşular. Munuň üçin şäherleriň ikisindäki rejenamalara hem girizilen üýtgeşmeleri okyjylarymyz bilen paýlaşýarys (görkezilen wagtlar şol şähere degişlidir):

Kazan şäherinden uçuş:

çarşenbe güni 09:30, Aşgabada 15:00-da geler;

anna güni 10:30, Aşgabada 16:00-da geler;

ýekşenbe güni 23:35, Aşgabada duşenbe güni 05:05-de geler.

Aşgabat şäherinden uçuş:

çarşenbe güni 06:25, Kazana 08:00-da barar;

anna güni 07:25, Kazana 09:00-da barar;

ýekşenbe güni 20:35, Kazana 22:05-de barar.

Bu ugur boýunça üçünji gatnawyň açylmagy mynasybetli, "Türkmenhowaýollary" agentligi ýörite tarifi yglan etdi, petekler eýýäm satuwda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň