Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň häkimini üýtgetdi

23:4117.06.2019
0
6590
Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň häkimini üýtgetdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradow Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellenip, ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy - diýip, döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň başga bir Permany bilen, Mämmet Guldurdyýewiç Baýramgulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. M.Baýramgulyýew mundan beýläk Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde bölüm müdiri wezipesinde işlär

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň