Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýda türkmen halysynyň dükany açyldy

14:5316.06.2019
0
13211

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Türkmen halylary» dükanynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dükan Gruziýanyň paýtagty Tbilisidäki "Türkmenistan" dükanyndan, Gyrgyz Resoublikasynyň paýtagty Bişkekdäki "Rysgal" söwda öýünden, HHR-iň Sinhaý welaýatynyň merkezi Sinin şäherindäki Türkmenistanyň Söwda merkezinden, Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şerif şäherindäki "Türkmenistan" söwda öýünden, Awstriýa Respublikasyndaky TSTB-niň söwda wekilhanasyndan soň daşary ýurtlardaky nobatdaky söwda nokadymyzdyr.

«Dubai Marina» Söwda merkezinde ýerleşýän «Türkmen halylary» dükanynyň açylyş dabarasy aýdym-sazlara beslendi. Dabara daşary döwletiň işewürleridir ýerli raýatlary bilen birlikde, türkmen  telekeçileriniň hem onlarçasy gatnaşdy. Türkmen halylarynyň ýörite dükanynyň açylmagynda TSTB-niň agzasy «Berkarar General Trading LLС» kompaniýasynyň aýratyn hyzmatynyň bolandygyny bellemeli. 
84 inedördül metr meýdany eýeleýän dükanyň açylyş dabarasy köp adamly boldy. Onuň giň tekjelerini türkmen halylarynyň we haly önümleriniň baý görnüşi eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň