Paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň we şäher medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda “Adalat kanunym köňül aýdymym-rowaçlyk nyşany sen döwlet baýdagym” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirilip ol ýokary ruhubelentlik bilen bellenilip geçirildi. Şatlyk şowhuna beslenen baýramçylyk çäreleri halkymyzyň bagt kanunynda milli mertebämiz bolan, ýaşyl tugumyza bolan çäksiz buýsanjynyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi.
Agşamara paýtagtymyzyň gözel ýerinde açyk asmanyň astynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli ählihalk baýramçylygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertde türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk ýagdaý emele geldi. Baýramçylyk çäresine köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar. Türkmen halkynyň häzire çenli saklanan we kämilleşdirilýän baý ruhy mirasy “Ýürekde sena watan” atly edebi sazly çykyşda öz beýanyny tapdy. “Serpaý” toparynyň ýerine ýetiren bu aýdymy ýurdumyzyň birleşen folklýor tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Soňra “Laçyn” folklýor toparynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmenistan rowaçlygyň watany” atly aýdym ýaňlandy. Konsert maksatnamasynda estrada eserleri, yşky liriki aýdymlar, belent owazlar özboluşly sazlaşygy döredip, çäräniň dabarasyny artdyrdy. Goşa baýram mynasybetli guralan konsertde daşary ýurtlaryň meşhur aýdymlarynyň ýaňlanmagy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Türkmen halkynyň medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan we Ýuneskonyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan ajaýyp küştdepdi tansyny ýerine ýetiren “Miras” we ýurdumyzyň birleşen folklýor toparlary baýramçylyga gatnaşanlara özboluşly şatlyk paýladylar. Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda “Goý baky parlasyn watan baýdagy” atly aýdym has-da belentden joşgunly ýaňlandy.
Soňky habarlar
Arhiw
Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi
02:2719.05.2019
0
15774
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň