Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

23:5224.04.2019
0
13012

Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta künjegindäki dag eteginden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça däp bolan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige badalga berilmeginiň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan folklor çykyşlary we estradaçylaryň, bagşylaryň hoş owazly aýdymlary uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine gatnaşyjylarda hem-de oňa tomaşa edýänlerde ýakymly täsirler galdyrdy. Çäräniň dabaraly bölümi tamamlanandan soň, awstriýaly baş emin Markus Mak Hubmann uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine badalga berdi. Ýelden ýyndam ahalteke bedewleri özleriniň «asman bedewleri» diýen adyna kybap gelmek bilen pellehana tarap okgunly çapdylar.

Bäsleşigiň ugry her biri 30 kilometr bolan iki tapgyrdan düzüldi we Köpetdag şaýolunyň ýakasy bilen gumaksy ýoldan geçýär. Ýaryşa bedewleriň otuza golaýy gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda, Milli atçylyk sport merkezinde, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň welaýatlardaky athanalarynda hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň athanalarynda seýislenýän bedewler bar.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň