Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

09:5722.04.2019
0
12020

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti jenap Maýtripala Sirisene bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de, hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Şri-Lankada buthanalarda we myhmanhanalarda bolup geçen partlamalarda 207 adam heläk boldy. 500 çemesi adam bolsa agyr ýaralanyp, hassahanalara äkidildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň