Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kikboksingçileri Türkiýede geçirilen halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular

14:1008.04.2019
0
8380

Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy.

«K-1» görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Pygy Sylabow (60 kilograma çenli agram derejede) çempion boldy.

«Full-kontakt» görnüşinde biziň türgenlerimiz dört medala mynasyp boldular. Şunda Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni Goçmyrat Jumanyýazow 75 kilograma çenli agram derejede altyn medaly eýeledi.

Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň agzasy Ýazberdi Paýanow (57 kilograma çenli) kümüş medaly eýeledi.

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Akmyrat Akyýew (67 kilograma çenli) we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna wekilçilik edýän Muhammet Gurbanow (81 kilograma çenli) üçünji orunlara çykdylar.

Türkiýe Respublikasynda her ýyl geçirilýän kikboksing boýunça Halkara kubogynda Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan iki müňden gowrak türgen hormat münberleriniň baýrakly orunlary ugrunda bäsleşýärler. Şeýle ýiti bäsdeşlige garamazdan, geçen ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem biziň ildeşlerimiziň bäşisi abraýly dünýä sport ýaryşlarynyň ýeňijileri bolmak bilen, «Durnuklylyk ussatlygyň alamatydyr» diýen hakykaty tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň