Arhiw

“Türkmenpoçta” kompaniýasy ýurduň içinde pul geçirimler ulgamyny ornaşdyrdy

23:5619.03.2019
0
12641

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşygy kompaniýasy ilata edilýän hyzmatlaryň çägini giňeldýär. Hususan-da, indi aragatnaşyk bölümleriniň ählisinde ýurduň içinde elektron pul geçirimlerini amala aşyryp bolýar. Puly çalt ugratmak-almak üçin aragatnaşyk bölümine pasportyňy görkezip, ony alýanyň adyny, familiýasyny we salgysyny görkezmek ýeterlik. Şunda iki: adaty we talyp nyrhnamalary hereket edýär.

Häzirki wagtda “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň hyzmatlarynyň sanawynda diňe bir hatlary, dessin hatlary, banderollary, posylkalary we döwürleýin neşirleri eltip bermek däl, eýsem jemagat hyzmatlary üçin tölegleri almak, Bütindünýä poçta birleşigine girýän 190 ýurda çaltlaşdyrylan tertipde hatlary we posylkalary ugratmak hyzmatlary hem bar.

Şeýle hem poçta bölümlerinde demir ýol peteklerini satyn alyp bolýar. Kompaniýanyň www.turkmenpost.gov.tm saýty poçtadan hatlary we posylkalary ugratmak üçin onlaýn-tertipde çapary çagyrmak mümkinçiligini döredýär. Mundan başga-da, saýta girýänler internet arkaly haryt satyn almak, nagt däl töleg geçirmek we harytlary öýüňe getirtmek hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Poçta gullugy internet-portal döredýär, onda ýurduň dürli kärhanalarynyň satuwa çykarýan önümleri teklip ediler.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi milli poçta ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Geçen ýyl “Türkmenpoçta” kompaniýasy ýeňil, ýük we beýleki awtoulaglaryň 55-si bilen ulag parkynyň üstüni ýetirdi, olar poçta arkaly ugradylýan hatlary we posylkalary bellenilen ýerlerine çalt elterler, şeýle hem edilýän hyzmatlaryň çägini giňelderler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň