Saud Arabystanyda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän, şeýle-de, Tähranda geçirilýän Aziýa çempionatynyň (U23) saýlama tapgyryna gatnaşýan Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň düzümi belli boldy.
Olimpiýa ýygyndymyz ilki bilen Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. 14-19-njy mart aralygynda geçiriljek türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän olimpiýa ýygyndymyz onuň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer. Olimpiýa ýygyndymyz şondan soň saýlama tapgyrynyň geçirilýän ýeri bolan Tähran şäherine ugur alar.
Ýeri gelende aýtsak, olimpiýa ýygyndymyzyň saýlama tapgyryň öňüsyrasy birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny 27-nji ýanwar-3-nji fewral aralygynda Kataryň paýtagty Dohada geçiripdi.
Saud Arabystanyda geçiriljek okuw-türgenleşigi Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň (U-23) 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky taýýarlygy bolar.
Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry şu ýylyň 22-26-njy marty aralygynda Eýranyň Tähran şäherinde geçiriler. “C” toparçada bäsleşýän olimpiýa ýygyndymyzyň garşydaşlary Eýranyň (22-nji mart), Yragyň (24-nji mart) hem-de Ýemeniň (26-njy mart) ýygyndylary bolar.
Er-Riýad şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanşygyna hem-de Tähranda boljak saýlama tapgyryna gatnaşýan Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndy toparynyň sanawy
1. Ataýew Didar (derwezeçi) “Talyp sporty”
2. Akmämmedow Begenç FK “Altyn Asyr”
3. Baýow Begmyrat FK “Altyn Asyr”
4. Ballakow Welmyrat FK “Altyn Asyr”
5. Baýramow Yslam FK “Aşgabat”
6. Bäşimow Şazada FK “Energetik”
7. Beknazarow Mirza FK “Ahal”
8. Berdiýew Döwletýar (derwezeçi) FK “Altyn Asyr”
9. Berdiýew Döwran FK “Köpetdag”
10. Diniýew Meýlis FK “Köpetdag”
11. Çaryýew Rasul (derwezeçi) FK “Köpetdag”
12. Gurbanow Ýazgylyç Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 2-njiýyltalyby
13. Gurgenow Bagtyýar FK “Altyn Asyr”
14. Halmämmedow Röwşengeldi FK “Şagadam”
15. Hojaýew Resul FK “Altyn Asyr”
16. Kabaýew Serdargeldi FK “Energetik”
17. Metdäýew Akmämmet FK “Nebitçi”
18. Maksatow Ýakup Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 2-nji ýyl talyby
19. Saparmämmedow Yhlas FK “Ahal”
20. Sähetmämmedow Toýmämmet FK “Şagadam”
21. Titow Mihail FK “Altyn Asyr”
22. Towakelow Nazar FK “Aşgabat”
23. Tirkişow Şanazar FK “Merw”
24. Durdyýew Gurbangeldi Baş tälimçi
25. Durdyýew Baýram Tälimçi
26. Agabaýew Rejepmyrat Tälimçi
27. Matus Pawel Derwezeçileriň tälimçisi
28. Hajyýew Kyýas Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň lukmany
29. Amangeldiýew Eziz Owkalaýjy