Soňky habarlar

Arhiw

Sport tansy milli mekdebiniň wekilleriniň çykyşy

14:1912.03.2019
0
7940

“Watan” kinokonsert zalynyň sahnasynda çagalaryň 170-si şowhunly tans konserti bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Sport tansy federasiýasynyň düzümindäki paýtagtymyzyň klublary hasabat konsertini Halkara zenanlar gününe bagyşladylar. Ýaşajyk artistleri goldamaga olaryň ata-eneleri, dost-ýarlary we tans sungatynyň muşdaklarynyň ençemesi gelipdirler.

Ýaşajyk zehinler sahna öwrenişmek üçin konsert başlanmazdan bir sagat öň geldiler. Owadan tans köýnekli, saçlary gelşikli timarlanan, gözleri uçganaklap duran tansçylar çaltrak sahna çykyp, ýeten derejesini görkezmäge howlugýardylar.

Aýlin Jumagulowa ýaňy dört ýaşynda, ol bary-ýogy ýarym ýyl bäri «Art-Motion» tans sporty klubyna gatnaýar, onuň ejesiniň aýtmagyna görä, gyzjagaz şol döwürde düýtgöter özgerdi, ykjamlandy, erjelligi, alçaklygy öwrendi. Onuň üçin türgenleşikler baýrama döndi. Aýlin tansdan daşgary surat çekmek bilen meşgullanýar, iňlis dilini öwrenýär, şonda-da tansy olardan ileri tutýar.

Häzirki çagalaryň erjelligini aýtsana! Olar bilim almaga, kitap okamaga, döredijilge höwesek, bilesigeliji we ugurtapyjy, sada we gujurly, şonuň üçinem olar köp zada ýetişýärler. Olaryň çagalygynyň şeýle köpugurlylygy körpeleriň şahsyýet hökmünde ösmegine höwes döredip, çagalaryň üstünlikleri ýurduň geljekki abadançylygyna gönükdirilendir.

Bu çagalar we olaryň ata-eneleri üçin tans klublarynyň ýolbaşçylary umumy ýygnaklar geçirýärler, olarda körpeleriň geljekki çykyşlaryndaky keşpleriniň ugry köplük bilen pikirlenşip döredilýär, netijede bolsa, owadan lybaslar we bagtyýar keşpler döreýär hem-de onuň alyhezretleri Nepisligiň höküm sürýän dünýäsine aralaşylýar.

Tans agşamynda çykyşlar kän boldy. Otuza golaý tansyň arasynda myhmanlaryň - “Ýyldyz” tans toparynyň ýerine ýetiren joşgunly küştdepdisem görkezildi.

Soňra jübütleriň sekizisi – gyzlar gyzyl köýnekli, oglanlar owadan nusgawy eşikde: köýnegi ak, gara jalbarly – nepis we runubelent wals tansyny ýerine ýetirdiler. Olar «Art-Motion» klubynyň ýolbaşçylary, Aşgabat Aziadasynyň bürünç baýragynyň eýeleri Aleksandr Sisekiniň we Waleriýa Nepomnýaşşaýanyň şägirtleridi.

«Sýurpriz» klubynyň (ýolbaşçysy Anna Begliýewa) agzalarynyň «Babki-ýožki» degişme tansy bäri-bärde tomaşaçylaryň ýadyndan çykmasa gerek.

Tomaşaçylar tans improwizasiýasyny şowhunly el çarpmalar bilen garşyladylar, oňa «Ellada» klubyna (ýolbaşçysy Kristina Hristoforidi) gatnaýanlardan başga-da, maýyplar üçin tigirçekli tansçylar hem gatnaşdylar.

Çykyşlaryň birinde üýtgeşik bir waka boldy. Dört çaga saza kybap çykyş edip bilmänsoň, aljradylar-da sakga durdylar. Olaryň biri ýagdaýdan iň gowy çykalganyň sahnadan gitmekdigine düşündi. Ýöne beýleki üçüsiniň henizem doňup durandygyna gözi düşenden, sahna dolandy-da, joralarynam yzyna tirkäp, gidiberdi. Ilkinji gezek çykyş edýän hem körkeýp bolan çagalara göwünlik bermek üçin tomaşaçylar şowhunly el çarpdylar. Eger-de üşüklilik üçin sylaglanylýan bolsady, onda şol baýrak ugurtapyjy gyzjagaza berlerdi.

«Akwarel» klubynyň ( ýolbaşçysy Ýelena Zmaga) agzalary joşgunly pasodobl tansyny ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandylar.

Bu ýere gelenler Irina Dawidowiçiň ýolbaşçylygyndaky «Meçta» we «Smaýl» klublarynyň wekilleriniň haýal walsyň nepis hereketlerine, hujuwly polka, täsirli çarlstona, sambanyň we salsanyň joşgunly ritmlerine haýran bolup tomaşa etdiler. Körpeleriň köpüsi uly sahnada ilkinji gezek çykyş edýärdiler, şonuň üçinem olaryň şadyýanlygy we sadalygy tans estetikasyna çaga duýgylarynyň dürli öwüşginlerini çaýdy.

Sport tansy milli mekdebiniň wekilleriniň zähmetsöýerligi we kämillige höwesi netijesinde dörän täsirli çykyşlary oglanjyklardyr gyzjagazlaryň ýüzlerçesine ajaýyp göreldedir hem-de şahsyýetiň sazlaşykly ösmegi üçin ýene bir wajyp zady – horeografiýa dilini öwrenmäge özboluşly çakylykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň