Soňky habarlar

Arhiw

Yslam korporasiýasy türkmen telekeçileriniň taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

21:0402.03.2019
0
5531

1-nji martda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Myradow döwlet Baştutanyna halkara we sebit maliýe düzümleri, şol sanda hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer häzirki wagtda Yslam korporasiýasynyň ýurdumyzyň telekeçileriniň durmuşa geçirýän taslamalaryna maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky teklibiň gelip gowşandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli guramaçylyk işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara derejede tagallalary has-da işjeňleşdirendigini, abraýly ykdysady edaralar bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny ep-esli giňeldendigini belledi. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny durnukly we okgunly ösdürmek ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde telekeçiligi ösdürmegiň milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň has netijeli ýoludygyny aýdyp, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň giň gerimli işiniň, öndürýän önümleriniň möçberini artdyrmak, ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hususy ulgamy goldamak, şol sanda esasy maliýe guramalarynyň maýa serişdelerini gönükdirmäge bolan gyzyklanmalary aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň