Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmneistanyň Prezidenti «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy

15:5428.02.2019
0
8572

28-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy hem-de bu ýerde döwrebap nusgadaky täze obany gurmak, şeýle hem maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz ýolugra dikuçardan bu ýerde alnyp barylýan işleriň gerimi bilen gyzyklandy.
Taslamanyň ikinji nobatdakysyny amala aşyrmagyň çäklerinde oňa barýan akabalaryň ulgamy giňeldilýär we çuňlaşdyrylýar. Bu bolsa şorlaşan suwlary diňe bir köle akdyrmaga däl, eýsem, olary ikinji gezek ulanmaga mümkinçilik berýär. Suw hojalyk desgasynyň ýeke-täk ulag hökmündäki sazlaşykly işini üpjün etmek üçin, gurluşykçylar akabalary giňeltmek, kollektorlaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem suw akymyny sazlamak üçin suw sowujy desgalaryň zerur bolan möçberlerini, suw hojalyk desgalaryny we köprüleri gurmak, süýşýän çägeleri berkitmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy üçin kuwwatly, ýokary öndürijiligi bolan döwrebap tehnikalar satyn alyndy. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň «Komatsu», ABŞ-nyň «Caterpillar» ýaly dünýä belli önüm öndürijileriniň 1500-den gowrak ekskawatorlary, buldozerleri we beýleki tehnikalary bar. Döwlet býujetinden bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň umumy mukdary häzirki döwre çenli ABŞ-nyň 553 million 378 müň dollaryna barabar boldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärä gatnaşýan daşary ýurtly diplomatlaryň ünsüni «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde bolup geçýän oňyn özgerişliklere çekdi, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi munuň şeýledigini tassyklaýar. Türkmen alymlarynyň bu ýerde yzygiderli geçirýän ylmy barlaglarynyň netijeleri kölüň suwunyň halkara ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmen köli balykçylygy ösdürmek üçin emele gelen suw howdanlaryny we şor suw akabalaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýere ýygnananlara içi dürli balykly çanaklaryň görkezilmegi munuň aýdyň mysaly boldy. Şol balyklar kölde hem-de onuň golaýyndaky suw howdanlarynda ýaşaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň