Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda görnükli şahsyýetleriň ady ebedileşdirilýär

23:5914.02.2019
0
8000

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji fewralda ýurduň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda görnükli türkmen şahsyýetleriniň adyny ebedileşdirmek bilen bagly wezipä degdi. Milletiň Lideriniň aýdyşy ýaly, Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Ylham» seýilgähinde dünýä ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan beýik şahsyýetler bilen bir hatarda, Magtymguly adyndaky halkara baýraga eýe bolan ýazyjy-şahyrlarymyz — Ata Gowşudowyň, Beki Seýtäkowyň, Ýylgaý Durdyýewiň, Gara Seýitliýewiň, Allaberdi Haýydowyň, Mämmet Seýidowyň, Berdi Kerbabaýewiň, Nazar Gullaýewiň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Nurmyrat Saryhanowyň, Aman Kekilowyň, Nury Baýramowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, şeýle hem ýazyjy Aşyrberdi Kürtüň atlary ebedileşdirildi. Bular Watanymyzy belende göteren belli şahsyýetlerimizdir.
Watan döwletimiziň, ýurdumyzyň we milletimiziň her bir şahsyýet bilen bitewüligidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biz ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimize guwanýarys. Olaryň ýadygärligini ebedileşdirip, işlerini dowam etdirmäge, mähriban Diýarymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmaga çalyşýarys.
Şundan ugur alyp we jemgyýetimizi täze döredijilik maksatlaryna ýetmäge, beýik işlere ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik duýgusynda terbiýelemek maksady bilen, biz teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri bolan Alty Garlyýewiň, Maýa Kulyýewanyň, Bäşim Nuralynyň, belli bagşy-sazandalar Şükür bagşynyň, Magtymguly Garlyýewiň, Sahy Jepbarowyň, ýazyjy Osman Ödäýewiň atlaryny hem ebedileşdireris. Biz ilatly ýerleriň we beýleki desgalaryň taryhy atlaryny hem dikelderis.
Milli Liderimiz şu maksat bilen, Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Garryýewiň adyny dakmagy teklip etdi. Ol görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi, ýaşlaryň halypasydy. Ol ýurdumyzyň durmuşynyň köp ugurlaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşdy. Saglygy goraýşyň häzirki zaman ulgamyny, şol sanda Lukmançylyk uniwersitetini döretmekde uly işleri bitirdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Milli konserwatoriýamyza ýa-da Mukamlar köşgüne görnükli medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ady dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, biz gözel paýtagtymyz Aşgabadyň demirgazygynda täze etraby gurmagy meýilleşdirdik. Biz bu ýerde täze gurlan binalara we köçelere görnükli döwürdeşlerimiziň adyny daksak, dogry bolar diýip hasap edýärin. Munuň geljegimiz bolan ýaşlar üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetiniň boljakdygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň