Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― Russiýa: bilelikde sportuň parlak geljegine

21:4208.02.2019
0
5627

«Ata Watan Türkmenistan» habarlar agentliginiň Russiýanyň Sport ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara esaslanyp ýazmagyna görä, sportdaky hyzmatdaşlyk babatynda türkmen-rus gepleşikleri geçirildi. Oňa biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdy. Russiýada geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly Halkara gyşky oýunlarynyň öňüsyrasyndaky duşuşyk sport boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem ösdürmäge bagyşlandy.
Moskwa şäherinde geçirilen duşuşykda Russiýanyň sport, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrleri bedenterbiýe we sport ulgamlaryndaky hünärmenleri alşyp-berişmek, birek-biregiňkide okuw sapaklaryny geçirmek, käbir sport görnüşleri boýunça bilelikde türgenleşik merkezlerini döretmek, sportuň gyşky görnüşlerini boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmak we sport boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriň arasynda tejribeleri paýlaşmak ýaly wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. 
Russiýanyň sport ministri Pawel Kolobkow geçen ýyl Aşgabatda geçirilen türkmen-rus gepleşikleriniň çäginde özara ylalşyklaryň birnäçesine, şol sanda sport boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyga hem gol çekilendigini ýatladyp, ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklaryň iki döwletiň sport ulgamy üçin hem ähmiýetli boljakdygyny nygtady. Şeýle hem ministr 2020-nji ýylda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde GDA-nyň Birinji sport oýunlaryny geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýdyp, türkmen türgenlerini bu halkara ýaryşa gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýew hem öz gezeginde türkmen türgenleriniň Arkalaşygyň Birinji sport oýunlaryna gatnaşjakdygyna ynandyryp, biziň ýurdumyzyň hem ýakynda halkara ýaryşlaryň ençemesini geçirmäge taýýarlyk görýändigini aýtdy. Şolaryň arasynda 2020-nji ýylda geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionaty hem bar. Ministriň aýdyşy ýaly, Türkmenistan häzir bu ýaryşy Aşgabatda geçirmek üçin degişli guramalara ýüz tutdy we olardan geljek oňyn jogaba garaşýar. Geçen asyryň ortalarynda Russiýada döräp, bu gün dünýä derejesinde uly meşhurlyk gazanan sambo sporty boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin türkmen paýtagtynda ähli mümkinçilikler bar.
Russiýanyň sport ministri iri halkara ýaryşlary geçirmekde türkmen tarapyna üstünlik arzuw etdi we islendik wagtda tejribeleri paýlaşmaga, ýakyndan goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň