Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylary wezipä bellemek we boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi

11:2422.01.2019
0
12893

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlary bilen,

Orazmämmedow Arslan Baýrammämmedowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

Rahman Pirliýewiç Annaorazow Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi;

Baýramdurdyýew Begenç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

Baýrammyrat Myradowiç Gurbanow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi;

Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary J.Geldymamedowanyň ýaş çaga seretmek döwründäki rugsady bilen baglanyşykly, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary Akgül Şirmuhammedowna Toporowanyň üstüne ýüklenildi;

Wezirow Rahman işde goýberen kemçilikleri üçin, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

Täçmämmet Erepow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi;

Tahyrgylyç Mämmedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi;

Halatberdi Ýazberdiýewiç Allaberdiýew Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi;

Saparow Ýazly Gaýlyýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

Sapargeldi Narbaýewiç Orunbaýew Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi;

Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy;

Maýagul Annamyradowna Nurmyradowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy;

Maral Rejepmyradowna Durdyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi;

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň orunbasary Döwletmyrat Baýmyradowiç Gulmyradowyň üstüne ýüklenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen,

Serdar Sähetgulyýewiç Meredow Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy;

Durdymuhammet Geldiýewiç Myradow Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi;

Gylyjow Baýmyrat Nazlyýewiç, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy;

Bahtyýar Ýagmurowiç Hudaýnazarow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi;

Şöhrat Hudaýberdiýewiç Annamyradow, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy;

Amanmedowa Annabibi Taçmamedowna, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň