Türkmen halylary Dubaýda geçirilen sergide görkezildi

21:0721.01.2019
0
14387

Türkmen milli halyçylyk sungaty şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň önümleri Türkmenistanyň sergisiniň bezegine öwrüldi.

Nepis we seýrek önümleriň 15 müňden gowragyna wekilçilik edýän elde dokalýan haly önümleriniň iri öndürijileri hem sergä gatnaşyjylaryň hatarynda boldular.

Birleşen Arap Emirliklerinde geçýän abraýly sergä gatnaşylmagy halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň