Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda welosport boýunça ilkinji mekdep spartakidasyny geçirmek göz öňünde tutulýar

16:2218.01.2019
0
5349

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň welosportuň has-da ösdürilemine hem itergi berdi. Şu ýyl Türkmenistanyň welosport federasiýasy bu baýramçylyk mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda spartakida geçirmegi meýilleşdirýär. Oňa şahsy we toparlaýyn ýaryşlar giriziler.
Deslapky maglumatlara görä, ýaryş birnäçe tapgyrdan ybarat bolar we ilkinji tapgyrlary ýurdumyzyň sebitlerinde geçiriler. Saýlama tapgyrlarda ukyby, başarnygy bilen öňe çykan ýaş welosipedçilere ýaryşyň 3-nji iýunda geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk berler. Şol gün Aşgabat şäherinde geçiriljek ýaryşlar ýurdumyzdaky ilkinji spartakiadanyň ýeňijilerini kesgitlär. Ýeňijilere milli ýygyndymyza goşulmak, halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny goramak ýaly mümkinçilikler garaşýar.
Milli federasiýasymyz Halkara welosport federasiýasynyň agzalary bolan goňşy döwletler ― Eýran, Gazagystan, Özbegistan hem-de Täjigistan bilen bilelikde halkara ýaryşlary geçirmek barada hem gepleşikleri geçirýär.
Ýeri gelende, okyjylarymyz bilen welosport bilen bagly başga-da bir hoş habary paýlaşmak isleýäris. Halkara welosport federasiýasynyň geçen ýylyň 28-nji sentýabrynda Awstriýanyň Insburg şäherinde geçirilen mejlisinde 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçirmek baradaky karara gelindi. Ýaryş paýtagtdaky Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek binasynda geçiriler. Oňa dünýä döwletleriniň 40-dan gowragyndan 300 çemesi türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň