Ýakynda biz Aşgabatda dikilen Baş arçanyň Merkezi Aziýa döwletlerinde Täze ýyl baýramy mynasybetli dikilen iň beýik açraçydygyny habar beripdik. Asyl, görlüp oturylsa, paýtagtymyzdaky baýramçylyk dabaralarynyň merkezinde öwrülen Baş arça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň paýtagtlary babatynda alnanda hem iň beýigi eken.
“TurStat” analitik agentligi 2019-njy ýylyň Täze ýyl baýramyny garşylamak üçin GDA agza ýurtlaryň paýtagtlarynda dikilen Baş arçalaryň beýikligi boýunça deňeşdirme sanawyny çap etdi. Bu sanawyň başyny Aşgabatdaky Baş arça çekýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, onuň beýikligi 38 metre deňdir. Sanawda ikinji hem üçünji orunlary Baku we Ýerewan şäherlerindäki Täze ýyl arçalary eýeleýär. Olaryň boýy türkmen paýtagtyndaky Baş arçadan 1 metr pes. Sanawyň ilkinji onlugyny şu şäherlerdäki arçalar jemleýär:
Daşkent - 35 metr;
Minsk - 30 metr;
Duşenbe - 28 metr;
Moskwa - 27 metr;
Astana - 25 metr;
Bişkek - 25 metr;
Tbilisi - 25 metr.
Soňky habarlar
Arhiw
Aşgabatdaky Baş arça GDA boýunça iň beýigi
19:3603.01.2019
0
8669
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň