Futbol, Aziýa kubogy - 2019: Türkmenistanyň 23 adamlyk ýygyndysy kesgitlenildi

14:0628.12.2018
0
10260

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew düýn Aziýanyň Futbol konfederasiýasyna Aziýa kubogy - 2019-da çykyş etjek 23 adamlyk ýygyndymyzyň gutarnykly sanawyny berdi. Häzirki wagtda Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçýän milli ýygyndymyzyň hatarynda Birleşen Arap Emirliklerine derwezewanlaryň 3-si, goragçylaryň 6-sy, ýarym goragçylaryň 10-sy we hüjümçileriň 4-si gider. Milli ýygyndymyzyň gutarnykly düzüminde daşary ýurtlaryň çempionatlarynda çykyş edýän futbolçylarymyzyň dördüsi bar. Türkiýedäki ikinji ýygnanyşyga çagyrylan futbolçylaryň altysy: Didar Durdyýew, Ata Geldiýew, Döwlet Mirsultanow, Nury Astanow, Begmyrat Baýow, Öwezmyrat Öwezmyradow dagylar Aziýa kubogynda çykyş etjek düzüme düşüp bilmedi.
Häzirki düzümdäki futbolçylaryň dördüsiniň daşary ýurtlaryň çempionatlarynda çykyş edýändigini ýokarda belläpdik. Yklym ýaryşynda ýurdumyzyň abraýyny gorap çykyş etjek ýygyndyda şeýle hem “Altyn asyrdan” 11, “Ahaldan” 7, “Şagadamdan” bir futbolçy bar. Futbolçylarymyzyň iň ulusy, “Şagadamyň” derwezewany Nikita Gorbunowdyr. Milli ýygyndymyz bilen onlarça duşuşyga gatnaşan tejribeli derwezewan 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda 35 ýaşyny doldurar. Milli ýygyndymyzyň iň kiçi ýaşly wekili - hüjümçi Mihail Titow bolsa 18-nji oktýabrda 21 ýaşady. 
Okyjylarymyzy Aziýa kubogynda çykyş etjek futbolçylarymyzyň doly sanawy bilen hem tanyşdyrýarys:
derwezeçiler: Mämmet Orazmuhammedow (“Altyn asyr”), Batyr Babaýew (“Ahal”), Nikita Gorbunow (“Şagadam”);
goragçylar: Serdar Annaorazow, Gurbangeldi Batyrow, Zafar Babajanow, Mekan Saparow (ählisi - “Altyn asyr”), Döwran Orazalyýew, Güýçmyrat Annagulyýew (ikisi hem “Ahal”);
ýarym goragçylar: Resul Hojaýew, Altymyrat Annadurdyýew, Serdar Geldiýew (ählisi - “Altyn asyr”), Merdan Gurbanow, Myrat Annaýew, Wezirgeldi Ylýasow (ählisi - “Ahal”), Ruslan Mingazow (“Pribram”, Çehiýa), Ahmet Ataýew (“Persala Lamongan”, Indoneziýa), Ilýa Tamurkin (“Alga”, Gyrgyzystan), Arslanmyrat Amanow (“Buhoro”, Özbegistan);
hüjümçiler: Myrat Ýagşyýew, Wahyt Orazsähedow, Mihail Titow (ählisi - “Altyn asyr”, Süleýman Muhadow “Ahal”).
Milli ýygyndymyz 5-nji ýanwardan 1-nji fewrala çenli dowam etjek ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryny 9-njy ýanwarda Ýaponiýanyň, 13-nji ýanwarda Özbegistanyň, 17-nji ýanwarda Omanyň ýygyndysy bilen geçirer. Milli ýygyndymyz yklym ýaryşyna taryhda ikinji gezek gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň