6-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik döredijilik sergisi öz işine başlady.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guralan sergide degişli ýokary okuw mekdepleriň talyplary we mugallymlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Binagärler birleşiginiň binagärleri, TSTB-niň agzalary, şeýle hem döredijilik ussahanalary we aýratyn işleýän binagärler öz işleri bilen tanyşdyrdylar.
Sergi bäsleşigine gatnaşmaga dört ugur boýunça: dolandyryş-jemgyýetçilik we syýahatçylyk binalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar we desgalar, landşaft binagärligi — seýilgähler we dynç alyş ýerleri, kiçi binagärlik görnüşleri ýaly ugurlar boýunça işleriň 290-sy geçirildi. Şeýlelikde, sergide binagärlik-taslama işlerine degişli wezipeleriň tutuş toplumy bilen tanyşdyrylýar.
Sergide dolandyryş we edara jaýlarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň maketleri we eskizleri görkezilýär. Kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mermerli dolandyryş binalarynyň, kärhanalaryň innowasion taslamalary eziz Watanymyzyň geljekde gurluş we gözellik taýdan ösüşine täzeçe seretmäge itergi berýär. Zehinli binagärleriň özboluşly pikirleri hem adaty şekilleri döredijilik eserine öwürmäge mümkinçilik berýändigi bilen özüne çekýär.
Bäsleşikde görkezilen taslamalar dürli ugurlar boýunça tejribeli hünärmenler tarapyndan öwreniler hem-de mynasyp baha berler, binagärlik bäsleşiginiň ýeňijileri bolsa, serginiň jemleýji güni — 8-nji dekabrda yglan ediler hem-de Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.