Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda birbada üç sany Ak öýüň düýbi tutuldy

06:0706.12.2018
0
9902

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Türkmeniň ak öýi şekilindäki özboluşly kaşaň bina iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir.

Säher bilen ýakyn wagtda Balkanabatda, Daşoguzda we Türkmenabatda emele geljek binalaryň guruljak çäginde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär. Ähli ýerlerde baýdaklar, şygarlar we dürli howa şarlary bu ýerleriniň bezegini artdyrdy. Ak öýler dikilip, amaly-haşam sungatynyň sergileri guraldy. Estrada aýdymçylarynyň, halk bagşylarynyň, sazandalarynyň we folklor toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, türkmen milli sazlarynyň astynda joşgunly tanslar bilen utgaşdy.

Şanly waka mynasybetli guralan dabaralara welaýatlaryň we şäherleriň häkimlikleriniň wekilleri, edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we köpsanly ýaşlar gatnaşdylar.

Welaýatlarda gurluşygyna badalga berlen “Türkmeniň ak öýi” binalary 3 müň adama niýetlenendir. Munuň özi ägirt uly konsert zaly, umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin dabaralary, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen sahna bolmak bilen, ägirt uly ak öýüň görnüşinde bina edilýär.

Balkanabatda “Türkmeniň ak öýi” binasy şäheriň günbatar künjeginde kemala gelýän kiçi etrapçalaryň biriniň çäginde gurlar. Onuň ýakynynda merkezinde 100 metr belentligi bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Balkan welaýatynyň häkimliginiň we edara ediş binalary ýerleşer.

Daşoguzda bu bina soňky ýyllarda şäheriň Ruhnama köçesiniň ugrunda kemala gelen binagärlik toplumynyň esasylarynyň birine öwrüler. Bu künjek döwrebap myhmanhanany, “Bagt köşgüni”, 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan sport toplumyny, aýlawy özünde jemleýär.

Öz nobatynda, Türkmenabatda bina ediljek täze bina şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ýakynynda gurlar. Şeýle hem bu ýerde Ruhyýet köşgi, “Bagt köşgi”, Merkezi sport toplumy we beýleki durmuş maksatly desgalar bar.

“Türkmeniň ak öýi” binalaryny 2021-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde ýurdy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň çäklerinde önümçilik toplumlarynyň innowasiýa taýdan ösdürilmeginiň bellenilen meýilnamalaryny we taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, türkmen döwletiniň Baştutany ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan senagat toplumynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň mümkinçilikleriniň ýeterlik peýdalanylmaýandygyny belläp, ýurdumyzyň senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijelerine nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutany wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradowa soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň