Soňky habarlar

Arhiw

Çärjew etrabynda täze elektrik bekediniň düýbi tutuldy

23:5621.11.2018
0
9392

21-nji noýabrda Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megewat bolan täze gazturbinaly elektrik bekediniň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Şeýlelikde, “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny 2013 — 2020-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ýene-de iri maýa goýum taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Ol Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” we “MITSUBISHI HITACHI POWER SYSTEMS”, şeýle hem Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylar.

Kuwwaty 432 megewat bolan gazturbina elektrik bekedi ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek boýunça taslamany taýýarlamak we ony gurmak boýunça “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bilen degişli şertnama “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň 2015-nji ýylda ýurdumyzda bolan resmi saparynda gol çekildi. Taslamany maliýeleşdirmegi halkara hyzmatdaşlyk üçin Ýapon banky öz üstüne aldy. Şunlukda Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky bilen Karzlaşdyrma ylalaşygy baglaşyldy.

Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megewat bolan üç sany gazturbina gurnamalaryny oturtmak meýilleşdirilýär. Olary dünýä belli “MITSUBISHI HITACHI POWER SYSTEMS” kompanýasy getirer.

Energo bloklaryndan başga-da edara ediş binasy gurlup onda döwlet elektrik bekediniň esasy dolandyryş bölümi, gaz paýlaýjy beket, şeýle hem ähli zerur bolan inženerçilik-tehniki ulgam ýerleşer. Elektrik bekediniň çägi abadanlaşdyrylar we gök zolaklar dörediler. Umumy gurluşyk işlerini Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasy ýerine ýetirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň