Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marsiýa Donner Abreudan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda diplomat oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýulýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary, iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler we taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şolar döwletiň köptaraply mümkinçiligini hem-de yzygiderli ösüşiniň netijeli durmuşa geçirilmegini, raýatlaryň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara derejede — abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Braziliýanyň doly ygtyýarly wekiline Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işi barada habar berildi. Milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna kybap getirmek parlamentiň işiniň möhüm ugrudyr.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesinde özara hereket etmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda aragatnaşyklaryň kemala getirilmegine hem-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
***
Şu gün Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri hem-de özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatyň birnäçe ugurlary boýunça netijeli pikir alşyldy.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde hanym Marsiýa Donner Abreu paýtagtymyzyň iri muzeýlerine hem-de Aşgabadyň beýleki gözel ýerlerine baryp görer.