Türkmenistanda Horwatiýanyň Medeniýet günleri başlady

01:4330.10.2018
0
4899

Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän dostlukly döwletiň maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan fotoserginiň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresini iki ýurduň degişli ministrlikleri guradylar. 
Horwatiýanyň Medeniýet günleriniň hem-de fotoserginiň açylyş dabarasy Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi, bu ýere döredijilik işgärleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. 
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinde Grabar-Kitarowiçe ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, iki halkyň özara düşünişmegine ýardam edýän parahatçylyk söýüjilikli syýasy ugur üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Häzirki döredijilik çäresi bu ugurda ähmiýetli ädimleriň biridir diýip, çykyş edenler bellediler. 
Hut şeýle gatnaşyklar sungatyň ajaýyp dünýäsini açmaga, adamlary ýakynlaşdyrmak üçin mümkinçilikleri döretmäge ýardam edýär. 
Zagreb şäherinde ýerleşen Etnografiýa muzeýi tarapyndan guralan fotosergi dostlukly ýurduň dürli sebitleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berýär. 
Ertir Medeniýet ministrliginde Horwatiýa Respublikasynyň resmi wekiliýeti kabul ediler. Myhmanlar türkmen döwletiniň medeniýet, mirasy goramak we dünýä ýaýmak, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrylar. 
Medeniýet günleriniň çäklerinde “Aşgabat” kinoteatrynda horwat kinematografiýaçylarynyň işleri görkeziler, Mukamlar köşgünde bolsa horwat pianinoçylarynyň konserti guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň