Ýakynda käbir internet çeşmelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň şu günler benziniň ätiýaçlyk goruny döretmek üçin ýangyç guýujy beketlerde uzyn nobaty emele getirendigi, munuň sebäbiniň bolsa ýurtda 2019-njy ýylyň başyndan benziniň gymmatlajakdygy bilen düşündirilýän esassyz habarlar ýaýrady.
Şol habarlarda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda benziniň nyrhynyň 2 esse ýokarlandyryljakdygy baradaky howatyrlanma döredilýär. Habaryň asyl çeşmesi bolsa görkezilmeýär.
“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň direktorynyň orunbasary Gurbanmyrat Saparow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol bu habarlaryň esassyzdygyny, ýalan habardygyny aýtdy. Şeýle maglumatlar müdirligiň ilat abrasyndaky abraýyny pese gaçyrmak we ilat arasynda dowul döretmek üçin ýaýradylýar diýip, ol sözleriniň üstüni ýetirdi. Eger maglumatlary ýaýradanlar olaryň dogrusygyny subut edip bilseler, müdirligimiz şeýle habarlaryň çeşmesi bolup durýan nokatlara gyssagly çäre görmäge taýýar. Ýöne, görşüňiz ýaly, habarlaryň birinde hem anyk çeşme görkezilmeýär.
Müdirligiň ýolbaşçysynyň orunbasary bilen telefon arkaly gürrüňdeşlikde ýurdumyzyň ýangyç guýujy beketlerinde ulag nobatlarynyň döreýändigi we sürüjileriň goşmaça gaplara hem benzin guýduryp alýandygy barada dörän habarlary hem teswirlemegini haýyş etdik. G.Saparow ýurdumyzyň ýangyç guýujy nokatlarynda ulaglaryň öz baklaryndan başga gaba ýangyç guýmagyň gadagandygyny aýdyp, ähli nokatlarda wideogözegçilik enjamlarynyň oturdylandygyny we 24 sagadyň dowamynda gözegçilik edilýändigini nygtady. Ýangyna garşy göreş gullugynyň maslahaty bilen, goşmaça gaplara guýlan ýangyjyň islendik wagt ýanmak howpuny döredip bilýändigini sürüjileriň özleri hem bilýär.
Turkmenportalyň habarçylary bu mesele boýunça ilatyň pikirini bilmek üçin Aşgabadyň ýangyç guýujy nokatlaryna gelen sürüjileriň hem birnäçesi bilen gürrüňdeş boldular.
- Benziniň gymmatlakadygy barada asla eşitmändim. Hemişe bolşy ýaly, ulagymyň bakynda ýangyç azalansoň, üstüni doldurmaga geldim. Görşüňiz ýaly, hiç hili nobat ýok. Ýangyç guýujy işgärler hem ähli zatlaryň kada laýyk bolmagy üçin berk gözegçilikde - diýip, aşgabatly taksi sürüjisi Maksat Açylow aýdýar.
MAN ýük ulagynyň Meret atly sürüjisi bolsa žurnalistleriň bu mesele bilen gyzyklanmagyny geňirgäp, ýurduň ähli ýerindäki ýangyç guýujy nokatlarynda bolandygyny, ýöne hiç bir ýerde-de ýangyç bilen bagly nobata ýa-da dowla gabat gelmändigini aýtdy.
Biziň habarçymyz Aşgabadyň käbir ýangyç guýujy nokatlarynda bolup, ol ýerlerden fotoreportažlary taýýarlady. Suratlardan hem görşüňiz ýaly, ýangyç guýujy nokatlaryň hiç birinde-de üýtgeşik nobat görünmeýär.