Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty boldy

23:5419.09.2018
0
7456

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty geç-irildi. Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe — ählumumy baýrama bagyşlanyp geçirilýän maslahatyň işine daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan hem-de Watanymy-zyň ähli künjeginden gelen wekiller gatnaşdylar. 
Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan ildeşlerimiz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdür-mek hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine we parahatçylygyň, howp-suzlygyň hem-de abadançylygyň ählumumy maksatlaryna eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň halkara syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 
Döwlet Baştutanymyz, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer ýüzündäki ildeşlerimiziň jebisleşmegine, dürli ugurlarda olaryň aragatna-şyklarynyň işjeňleşmegine uly üns berýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda türkmen kowçumlaryna öz dillerini we özboluşly däp-dessurlaryny gorap saklamaga, durmuş-medeni äh-miýetli desgalary gurmaga kömek berilýär. Diňe şu ýylyň özünde Russiýa Federasiýasynyň Ast-rahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda — bu sebitde köp sanly türkmen kowçumynyň ýaşaýan ýerinde Magtymguly Pyragy adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açyldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda bu mekdep türkmen gurluşykçylary tara-pyndan bina edildi. 
Häzirki wagtda daşary ýurtly ildeşlerimiziň millionlarçasy ösüşiň rowaç ýolundan ynamly öňe bar-ýan eziz Watanymyza çäksiz buýsanç duýgusyny başdan geçirýärler. 
DTYB-nyň XXI maslahatynyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. 
Soňra «Mekan» köşgünde maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, DTYB-nyň toparlaýyn agzalary bolan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik gurama-larynyň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş eda-ralarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjegin-den gelen birleşigiň şahsy agzalary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, hormatly il ýaşululary, žur-nalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 
Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy maslahatyň başlanýandygyny habar berdi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezi-denti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we çäksiz ruhubelentlik bilen diňledi-ler. 
Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda ýygnananlary we DTYB-nyň agzalarynyň ählisini Garaşsyzly-gyň 27 ýyllygy bilen gutlap, şu maslahatyň dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek, olaryň ykdysady-ýet, medeniýet ylym we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik ýaly dürli ugurlar boýunça aragatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi. 
«Geljekde hem biziň döwlet syýasatymyz dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmaga, eziz Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende götermäge gönük-diriler» diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar. 
Milli Liderimiziň Gutlagyndaky «Mukaddes toprak, ata Watan düşünjelerinde müňýyllyklardan gözbaş alýan mähir bardyr. Eziz Watan, mukaddes toprak gözümiziň göreji, başymyzyň täjidir. Her bir türkmen üçin şirin jandan ezizdir» diýen belent sözleri dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň her biriniň kalbynda joşgunly ýaňlandy. 
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy ýygnananlaryň «Arkadaga şöhrat!» diýen sözleri hem-de şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. 
Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem abraýly halkara gurama bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi hakyndaky hasabat diňlenildi. Onda bellenilişi ýaly, dünýäniň 14 ýurdunda DTYB-nyň bölümleriniň 27-si hereket edýär. Onuň düzüminde 300-den gowrak topar we ýüzlerçe agzalar, şol sanda daşary ýurtly ildeşlerimiziň 400-e golaýy bar. 
Ildeşlerimiziň jebisleşmegini üpjün etmek, dünýäde türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini, däp-dessurlaryny, ýurdumyzyň bu gün gazanan üstünliklerini wagyz etmek daşary ýurtly kow-çumlar bilen alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlary bolup durýar. Türkmenistanyň halkara hyz-matdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmekde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we ählumumy oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde DTYB-nyň ähmiýeti uludyr. 
Soňky ýyllarda ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat, ykdysadyýet we telekeçilik, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda DTYB-nyň daşary ýurt bölümleri bilen aragatnaşyklar işjeňleşdi. 
Bu bölümler milletimiziň ruhy taýdan jebisleşmegine, ýurdumyzyň taryhynyň, türkmen diliniň öw-renilmegine, tutuşlygyna alanyňda bolsa, milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary-nyň ilerledilmegine, Watanymyzyň şan-şöhratynyň beýgeldilmegine gönükdirilen dürli çäreleri yzygiderli alyp barýarlar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan edilen 2018-nji ýylda bu işler gadymy ýoluň döwrebap many-mazmuny bilen baýlaşdy. Çäreleriň uly bölegi geçen hepdede ýurdumyzda üstünlikli tamamlanan «Amul — Hazar 2018» halkara awto-rallisine hem-de Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna, şeýle hem Türkmenistanyň sport döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýän beýleki sport çärelerine bagyşlanyldy. 
Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Saud Arabystanyndan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işi hakynda gürrüň berdiler. 
Çykyş edenler pursatdan peýdalanyp, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan ildeşlerimize berýän ünsi we aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine berilýän ýardamy we goldawy, ýurdu-myzyň serişdeleriniň hasabyna birnäçe ýurtlarda durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň bina edil-megini Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçiril-ýändiginiň mysaly hökmünde bellediler. Çykyşlarda iri ulag ulgamynda we energetika pudagyn-da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtal-dy. Bu ugurda, hususan-da, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň, dostlugyň we abadançy-lygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini görkezmek bolar. 
Şeýle hem maslahatda türkmen medeniýetiniň we onuň görnükli wekilleriniň döredijilik mirasy-nyň şan-şöhratyny artdyrmak babatdaky çäreleriň geçirilýändigi hakynda habar berildi. 
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän ähli halkara başlangyçlary we ýöredýän oňyn syýasaty halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ber-kitmäge ösdürmäge hyzmat edýär. 
Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň daşary we içeri syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgeleri-ne laýyklykda medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. 
Maslahatyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryna Hormat hatlary gowşuryldy. 
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsan-perwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Ýygna-nanlar milli Liderimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen gutladylar hem-de Türkme-nistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň, onuň halkara abraýynyň belende göterilmegi-niň bähbidine alyp barýan ýadawsyz zähmeti we daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň işine, watandaşlarymyzyň jebisleşmegine ägirt uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi-ler. 
Soňra baýramçylyk konserti boldy. «Mekan» köşgünde milli aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, tans we saz çykyşlary ýerine ýetirildi, olarda gadymy hem-de baky juwan türkmen topragy, türk-men halkynyň Arkadagynyň alyp barýan beýik işleri wasp edildi. 
Mejlisler zalynyň öňünde sergi guraldy, onda ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýü-regi» diýlip atlandyrylan şygarynyň many-mazmuny bilen baglanyşykly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen zergärleriniň nepis işleri, halylary, nakgaşçylyk eserleri gör-kezildi. 
Ýörite diwarlykda häzirki döwrüň neşirýat önümleri görkezildi, şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine aýratyn orun berildi. 
Ýakyn günlerde daşary ýurtly ildeşlerimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna ba-gyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň