Aşgabatda dünýä türkmenleriniň maslahaty geçiriler

18:3315.09.2018
0
5182

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji sentýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, 19-njy sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky forumynda onuň işiniň netijeleri hem-de bu işi mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň hormatly myhmanlary bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň