Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalaryny hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň gün tertibiniň barşynda:
Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk;
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi;
ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy;
“Ak kerwen” dabaralaryna ak pata bermek;
milli elektron senagatyny döretmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;
“Türkmenistanyň energetika senagatynyň esasy ugurlary” atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk;
Mary döwlet elektrik stansiýasy bilen utgaşykly dolandyrmak esasynda işleýän täze elektrik stansiýasynyň ulanmaga bermek;
döwlet Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri;
ulag ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler;
sentýabr aýynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, şanly senelere we şu mynasybetli medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk;
zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk;
DIM-niň alyp barýan işi, sentýabr aýynda bellenilen möhüm halkara çärelere görülýän taýýarlyk;
milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk;
welaýatlarda täze howa menzillerini gurmak, ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda Lebap welaýatynyň Kerki, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherlerinde, Mary welaýatynyň “Galaýmor” daýhan birleşiginde howa menzillerini dikeltmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;
“Amul — Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlygyň barşy, öňde boljak ýaryşlary göwnejaý derejede guramak maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabatlar berildi.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, olar barada degişli görekezmeleri berdi.