Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

18:3801.09.2018
0
8149

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­la­ry­ny hem-de ka­bul edi­len beý­le­ki yk­dy­sa­dy we dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň bar­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Şeý­le hem mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len içe­ri sy­ýa­sa­tyň wa­jyp we­zi­pe­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Mej­li­siň gün ter­ti­bi­niň barşynda:

Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk;

 “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň” ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi;

ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy;

 “Ak ker­wen” da­ba­ra­la­ry­na ak pa­ta ber­mek;

mil­li elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi;

 “Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry” at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we yl­my mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk;

Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy bi­len ut­ga­şyk­ly do­lan­dyr­mak esa­syn­da iş­le­ýän tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ulan­ma­ga ber­mek;

döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri;

ulag ulgamynyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler;

sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne, şan­ly se­ne­le­re we şu my­na­sy­bet­li me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk;

ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk;

DIM-niň alyp bar­ýan işi, sent­ýabr aýyn­da bel­le­ni­len mö­hüm hal­ka­ra çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk;

mil­li par­la­men­tiň ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça alyp bar­ýan işi, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk;

we­la­ýat­lar­da tä­ze ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak, ozal bar bo­lan­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, şol san­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ker­ki, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­her­le­rin­de, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň “Ga­laý­mor” daý­han bir­le­şi­gin­de ho­wa men­zil­le­rini di­kelt­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi;

 “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra ral­li­si­ne taý­ýar­ly­gyň bar­şy, öň­de bol­jak ýa­ryş­la­ry göw­ne­jaý de­re­je­de gu­ra­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän çä­re­ler barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, olar barada degişli görekezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň