Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çapdan çykdy

15:3208.06.2018
0
29802

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna özüniň täze döreden eserini — “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen kitabyny gowşurdy.
Döwlet Baştutany öz eseriniň sahypalarynda türkmen halkynyň gadymy ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygyň aýdyň nusgasy bolup durýan mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýola barada gürrüň berýär. Milli Liderimiziň täze kitaby eziz enelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň belent nusgasydyr.
 “Sözden başlanýan ägirtlik”, “Öý-ojagyň gelşigi”, “Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi”, “Ene — döwletlilik” ýaly dört bölümden ybarat bu kitapda enelere bagyşlanyp, asyrlaryň dowamynda dörän rowaýatlar hem getirilýär.
Baş sahabynda Arkadag Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň suraty ýerleşdirilen täze eser ýokary çaphana usulynda neşir edilipdir. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitap ajaýyp derejede beýan edilýän mazmunyň üstüni ýetirýän owadan suratlar bilen baýlaşdyrylypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň