Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

03:5304.06.2018
0
9942

 3-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli Aşgabatdaky dabaralara — köpçülikleýin weloýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Ýeri gelende, şol gün Aşgabatda we welaýat merkezlerinde nobatdaky awtoulagsyz günüň geçirilendigini hem aýtmak gerek. Munuň özi uly ähmiýete eýe ekologik çärä öwrüldi.
Döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda geçirilen ýöriş Köpetdag şaýolunyň we Jülge köçesiniň kesişýän ýerinden başlap, 8 müň 500 metrlik ýol geçilip, Saglyk ýolunyň gutarýan ýerindäki pellehanada tamamlandy. Ýörişe daşary ýurtlardan hormatly myhmanlaryň hem ençemesi gatnaşdy.

Aşgabatda geçirilen welosipedli ýörişiň umumy uzynlygy 30 kilometrden geçdi

3-nji iýunda Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Ýörişe gatnaşyjylar Aşgabadyň köçeleri boýunça hereketi dowam etdiler, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň umumy uzynlygy 30 kilometre deň boldy. 
Welosipedçileriň hatarynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň wekilleri bar.
Şol gün paýtagtymyzyň köçelerinde agşama çenli ulagyň görnüşiniň — welosipedden we jemgyýetçilik ulaglaryndan başgasynyň hereketi çäklendirildi.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň