Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

17:0912.04.2018
0
7421

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar!
Şu ýyl üçin wezipelerimizi biz Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde kesgitledik. Şoňa görä-de, häzir men ýakyn wagtda öňümizde duran wezipeler barada gysgaça durup geçeýin.
Şu ýylyň birinji çärýeginde amala aşyrylan işleriň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär.
Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanyp gelýär.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň netijesinde, biz eksport edilýän önümleriň möçberini 14,2 göterim artdyrdyk. Import edilýän harytlaryň möçberini bolsa, 40 göterim diýen ýaly azaltdyk. Zähmet haklarynyň möçberi hem 9,3 göterim köpeldi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 1600-den gowrak iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalaryň 99 göterime golaýynyň gurluşygyny öz kärhanalarymyz alyp barýar.
Birinji çärýekde biz gurlup, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan ähli senagat we durmuş maksatly desgalary işe girizdik. Şolaryň hatarynda meýdany 150 müň inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Ahal welaýatynda iri aýna kärhanasyny, Türkmenabat şäherinde halkara howa menzilini, Serhetabat — Turgundy demir ýoluny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, çagalar baglaryny hem-de birnäçe beýleki durmuş maksatly desgalary işe girizdik.
Kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler dowam edýär.
Önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Bazar ykdysadyýetine geçilýär.
Nebitgaz känleri giň gerim bilen özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi gurulýar we beýleki halkara taslamalary amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem karbamid we ammiak öndürýän iri senagat toplumlarynyň, polietilen we polipropilen çykarýan gazhimiýa toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny peýdalanmak bilen, möhüm ähmiýetli beýleki taslamalar hem amala aşyrylýar.
Biz hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermegi, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmegi dowam edýäris. Şu işleriň netijesinde, birinji çärýekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, täze hususy kärhanalaryň sany köpeldi. Umuman alnanda, jemi içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudaklarynyň paýy artdy we häzirki döwürde ol 63,1 göterime barabardyr.
Döwletimiziň syýasy ulgamy hem kämilleşmegini dowam edýär. Siziň bilşiňiz ýaly, 25-nji martda ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň üçüsiniň hem gatnaşmagynda häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlar deňhukuklylyk esasynda, erkin we açyk ýagdaýda, milli kanunçylygyň talaplary berjaý edilip geçirildi. Halkara synçylar saýlawlaryň guralyşyna ýokary baha berdiler. Bu bolsa ýurdumyzda demokratiýanyň ösüş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar!
Siziň bilşiňiz ýaly, umuman alnanda, kanagatlanarly diýip boljak görkezijilerimize garamazdan, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle şertlerde biziň köp we tutanýerli işlemegimiziň zerurdygyny men eýýäm aýtdym.
Häzir esasy wezipe ykdysadyýetimiziň nebit pudagyndan beýleki pudaklaryny işjeň ösdürmegi dowam etdirmekden ybaratdyr. Munuň üçin ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryna goşmaça itergi bermeli. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaly.
Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny we beýleki milli maksatnamalaryny amala aşyrmaga aýratyn üns bermeli.
Biz aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçmegi göz öňünde tutýarys. Bu bolsa ýurdumyzyň durmuşynda uly wakadyr. Şoňa görä-de, bu dabaralary geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli. Halkara maslahaty hem ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli.
Maý aýynyň başynda bolsa biz Hazar deňzinde iri deňiz portuny işe girizeris. Portuň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen biziň ulag boýunça başlangyjymyzyň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli. Örän möhüm taslamalaryň biri bolan kontinentara ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamany amala aşyrmaly. Alyp barýan esasy ugrumyza laýyklykda, munuň özi bize beýleki döwletleriň deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berer.
Sebitde ýükleriň üstaşyr daşalmagyny we ýolagçylaryň gatnadylmagyny üpjün eder. Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligi gowy taýýarlyk görüp, ulag meseleleri boýunça halkara maslahaty ýokary derejede geçirmeli.
Nesip bolsa, şu ýyl biz Gyýanlyda we Ahal welaýatynda iri gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygyny tamamlaýarys. Bu toplumlar örän gysga wagtda polietilen we polipropilen hem-de beýleki önümleri öndürmegi ýola goýmaga, eksportyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary häzirden bu işlere taýýarlyk görüp, sarp edijileri gözlemeli we olar bilen şertnamalary baglaşmaly.
Ähli ýolbaşçylar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary, hususan-da, daşary ýurt firmalary bilen bilelikde döretmegi dowam etmeli, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmaly.
Meniň öň hem aýdyşym ýaly, ýurdumyzda ýerasty baýlyklar köp. Şol baýlyklary ýokary depginler bilen işläp geçmeli we senagat dolanyşygyna girizmeli. Bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşigini giňden çekmeli. Şeýle kärhanalar üçin belli bir derejede ýeňillikleri döretmeli.
Biz nebitgaz toplumyna we oba hojalygyna aýratyn üns bermelidiris. Bu pudaklaryň işini kadalaşdyrmak üçin işiň täze görnüşlerini gözlemelidiris.
Men oba hojalygyny ösdürmek meselesine ýaşulularyň we jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Halk Maslahatynda seretsek, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
Ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda bu ugurdaky iň gowy dünýä tejribesi esasynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaly. Ähli ugurlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri hem-de ýaş alymlary taýýarlamagy dowam etmeli.
Biz ýakyn wagtda köp sanly medeni çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýarys. Şol çäreleriň hatarynda Türkmen bedewiniň baýramyny, Ýeňiş gününi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi, Aşgabat şäheriniň gününi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi, halkara maslahatlary we birnäçe beýleki çäreleri görkezmek bolar. Bu baýramçylyklara gowy taýýarlyk görüp, olary ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler barada hemmetaraplaýyn we doly habar bermek, gazanan üstünliklerimizi giňden wagyz etmek arkaly goldamak köpçülikleýin habar beriş serişdelerimiziň esasy wezipesi bolup durýar. Medeniýeti ruhy gymmatlyklaryň we milli däp-dessurlaryň binýadynda hemmetaraplaýyn ösdürmek we durmuş hem-de ykdysady özgertmeleriň barşynda onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak hem şu wezipelere degişlidir.
Tomusky dynç alyş möwsümi hem ýetip gelýär. Şoňa görä-de, häzirden sagaldyş merkezlerini möwsüme taýýarlap başlamaly.

Biziň deputatlarymyz durmuş-ykdysady maksatnamalarymyzy, aýratyn hem etraplarda amala aşyrmaga has işjeň gatnaşmalydyr.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar!
Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip gutarýarys.
Men size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw edýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň