Azyk senagaty döwlet birleşigi Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine birikdirildi

12:2712.04.2018
0
13785

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini üýtgedip guramak hakynda Permana gol çekdi. Permanda şeýle diýilýär:
«Ýurdumyzyň azyk senagaty pudagyny düýpli özgertmek we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1.Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine birleşdirmeli.
2.Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3.Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň