“Beýik-Bina” hususy kärhanasy Aşgabatda Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezlerini gurar

23:1516.03.2018
0
27832

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumyna barýan köçeleriň we ýanýodalaryň, estakada görnüşli köprüleriň, suw çüwdürimleriniň, çagalar dynç alyş meýdançalarynyň, emeli kanalyň hem-de olara degişli bolan gök zolaklaryň taslamalaryny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Beýik — Bina” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgalary 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň