Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti serhet galasynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

23:5724.02.2018
0
12679

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Serhetabat serhet birikmesiniň serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Milletiň Lideri bu ýerde maglumat merkezi, harby gullukçylaryň ýatýan we dynç alýan jaýlary, esgerler naharhanasy bilen tanyşdy. 

Soňra serhetçiler okuw-türgenleşik meýdançasynda Belent Serkerdebaşymyza ýaraglaryň dürli görnüşlerini ulanmak hem-de söweşjeň sungatlary özleşdirmek, söweşiň dürli tilsimlerini ele almak we jenaýatçylary ele salmakda gulluk itlerini peýdalanmak başarnyklaryny görkezdiler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň