Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýalar institutyny döretmek baradaky teklibi orta atdy

15:1928.01.2018
0
3893

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy ýanwarda bolan giňişleýin mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow täze bellenen wise-premýer B.Abdyýewa hem-de köpçülikleýin habar  beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip,  aýdylanlardan degişli netije çykarmagy we bu ugurda alnyp barylýan işleri gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, köplenç, jemgyýetde we döwletde bolup geçýän oňyn ýagdaýlary kesgitleýän hem-de olara ýardam berýän kuwwatly güýçdigini hemmeler bilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar. Şoňa görä-de, onuň işini hemişe kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda köp sanly dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hereket edýär. Olar eýeçiliginiň görnüşi, alyp barýan iş ugry, maglumatlary bermegiň usuly boýunça bir-birinden tapawutlanýar.  Elbetde, olaryň ählisi üçin hem ýokary derejeli hünärmenler zerur bolup durýar. Emma, gynansak-da, häzire çenli    ýurdumyzda bu giň gerimli wezipeleri ýokary derejede merkezleşdirip çözýän, degişli binýady bolan ýokary okuw mekdebi ýok. Şoňa görä-de, belki,  žurnalistika we köpçülikleýin  kommunikasiýalar institutyny döretsek, maksadalaýyk bolar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi hem-de bu barada oýlanyşyp görmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda ep-esli we örän netijeli tejribe toplandy. Bu tejribe bolsa, merdana halkymyzyň örän baý ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda öz netijelerini bermelidir diýip, milletiň Lideri  nygtady we wise-premýer B.Abdyýewa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň