2016-njy ýylyň bombardiri täze möwswümde "Ahalda" çykyş eder

14:0914.01.2018
0
8124

TFF-nyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, 2018-nji ýylyň futbol futbol möwsümine AFK kubogynyň seçip-alyş tapgyryndaky duşuşygy bilen başlaýan “Ahal” topary wajyp oýunlaryň öňüsyrasy düzümini güýçlendirdi. Topara geçen möwsüm “Energetikde” çykyş eden Guwanç Abylow, “Şagadamyň” esasy oýunçysy Süleýman Muhadow (“Altyn Asyryň” oýunçysy, “Şagadamda” kärendesinde çykyş etdi) hem-de “Deňizçi” futzal topary bilen Türkmenistanyň futzal çempionatynda çykyş eden Abdy Bäşimow dagy goşuldy.

Geçen möwsüm Türkmenistanyň futbol çempionatynda “Iň köp top geçirenleriň” bäsleşiginde derwezelere geçiren 22 topy bilen ikinji orny eýelän Wahyt Orazsähedow AFK kubogynyň seçip-alyş tapgyrynda “Ahala” kömek edip bilmez. Häzirki wagtda zehinli hüjümçimiziň topardaky ýagdaýy näbelli ýagdaýda galýar.

Möwsümiň öňüsyrasy ýarymgoragçylar Begmyrat Baýow bilen Ruslan Kurbanow resmi ýagdaýda “Ahal” toparyndan gitdiler.

Şeýle-de, toparyň lukmanlar düzümine Kyýas Hajyýew goşuldy.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Türkmenistanyň futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan “Ahal” topary AFK kubogynyň seçip-alyş tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäheriniň “Dordoý” topary bilen geçirer. Saýlama duşuşygynyň birinjisi 23-nji ýanwarda Bişkekde, jogap oýny bolsa 30-njy ýanwarda Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň