Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen taekwondoçylary söweş sungatlarynyň görnüşleriniň VII halkara oýunlarynyň ilkinji gününde 3 medal gazandylar

00:1502.12.2017
0
10339

1-nji dekabrda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde söweş sungatlarynyň görnüşleriniň VII halkara oýunlary badalga aldy. Oýunlaryň çäklerinde başa-baş söweşleriň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilýär.

Bu däp bolan ýaryş başa-baş söweşleriň Olimpiýa oýunlaryna girmeýän görnüşlerini birleşdirip, ahyrky netijede olary Olimpiýa görnüşleriniň derejesine ýakynlaşdyrmak üçin halkara derejesinde öz mümkinçiliklerini barlamaga ýagdaý döredýär.

Ýaryşlaryň ilkinji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparyna birbada üç medal getirdi. Olaryň ählisi hem taekwando görnüşinde. Goşanyýaz Durdyýew 64 kilograma çenli agram derejesinde jemleýji tutluşykda Özbegistanyň ýygyndysyndan bolan tejribeli garşydaşyndan üstün çykyp, altyn medala eýe boldy.

Tul görnüşinde (toplumlaýyn maşklar) Orazmyrat Çaryýew bürünç medaly gazandy.

Gyzlarymyz hem üstünlikli çykyş etdiler. Mähri Agaýewa 51 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Baýraklara mynasyp bolanlaryň ählisiniň Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydygyny bellemek gerek.

Ýaryş 3-nji dekabra çenli dowam eder. Häzirki üstünlikli badalga bolsa biziň türgenlerimiziň Minskide ýene-de ençeme gezek begendirjekdigine umyt döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň