«TürkmenÄlem 52 E» 8 sany bolgar ýaýlymyny görkezip başlady

09:4217.11.2017
0
14884

«Türkmenistan öz emeli hemrasy arkaly Bolgariýanyň 8 teleýaýlymyny alyp görkezmäge girişdi» diýip, trend.az internet saýty habar berýär. 12322H27500 salgyda FEC ¾ ugurda Bolgariýanyň Alfa TV, BNT, Evrokom, Plovdivska Pravoslavna TV, Ses TV, VTK  we Bulgarska Kristianka TV ýaýlymlary ýakynda «TürkmenÄlem 52» emeli hemrasy boýunça görkezilip başlandy.

Şeýle hem saýtda okyjylara bu emeli hemranyň 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatynda älem giňişligine uçurylandygy ýatladylýar. Habarda-da nygtalyşy ýaly, türkmen emeli hemrasy öz tolkunlaryny Ýewropa, Aziýa we Demirgazyk Afrika bermäge ukyply.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň