Soňky habarlar

Arhiw

Gülbadam Babamuratowa ikinji gezek dünýä çempiony!

06:3913.11.2017
0
22031

Türkmen türgeni Gülbadam Babamuratowa Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. 26 ýaşly ýaşly halkara derejeli sport ussady bu üstünlige çempionata 52 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşan 13 türgeniň arasynda saýlanyp, mynasyp boldy.

2013-nji ýylda dünýäniň wise-çempiony, şu ýyl bolsa Ýewropa çempionatynyň bürünç medalçysy bolan bolgariýaly türgen zenan Magdalena Warbanowa Gülbadamyň dünýä birinjiligindäki ilkinji garşydaşy boldy. Ony we ondan soňra ýetginjekleriň arasyndaky şu ýyl geçirilen dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi serbiýaly Nowi-Sadeni ýeňen türkmen türgeni gazagystanly Gülnur Ýerbolowa bilen ýarym final tutluşygyna çykmaga hukuk gazandy.

Bu tutluşygyň netijesi barada gürrüňe geçmezden ozal, okyjylarymyzyň ýadyna bir ýakymly wakany salmak isleýäris. Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda altyn medala mynasyp bolan G.Babamuratowa final tutluşygyna hut şu türgen — G.Ýerbolowa bilen çykypdy we agyrdyjy emel ulanyp, wagtyndan ozal çempion bolupdy. Medal gowşurylyş dabarasyndan soňra gazak türgeni bilen söhbetdeş bolanymyzda, özüniň, aslynda, Gülbadam bilen ýakyn joradygyny, onuň bilen köp halkara ýaryşlarda gabatlaşyp, henize çenli ýeňmek miýesser etmändigini aýdypdy. Gülnuryň maksady bu gezek hem başa barmady. G.Babamuratowa bäsdeşine ýekeje utuk hem aldyrman, tutluşygy öz peýdasyna tamamlady we finala çykmaga hukuk gazandy.

Geçen ýyl Kazanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp bolan ýerli türgen Ýuliýa Wisina türkmen samboçysynyň finaldaky garşydaşy boldy. G.Babamuratowa altyn medal ugrundaky aýgytlaýjy tutluşykda hem özüniň ussatlygyny görkezip, garşydaşyny 7:0 hasaby bilen ýeňdi we ikinji gezek dünýä çempiony bolmagy başardy. Ol dünýä birinjiliginiň hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna mundan 5 ýyl ozal birinji gezek çykypdy.

Tutluşykdan soňra žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Gülbadamyň örän güýçli, çakgan we ussat türgendigine ünsi çeken russiýaly samboçy ýaryşdan öň hem esasy garşydaşynyň Gülbadam boljakdygyny çaklandygyny aýtdy. Dünýä çempiony bolan ildeşimiz bolsa: “Arzyly ýeňşe kyn ýetdim, ýöne ynamym we güýçli taýýarlygym kömek etdi. 2012-nji ýyldan soň ilkinji gezek altyn medala mynasyp bolmak meni çäksiz begendirdi. Indiki maksadym ­ Rumyniýada geçiriljek dünýä çempionatynyň altyn medaly. Dünýäniň üç gezek çempiony bolan az sanly zenan türgenleriň hataryna goşulmak isleýärin” diýip, şatlygyny beýan etdi.

Ýeri gelende aýtsak, bu gezekki dünýä çempionatyna 90 döwletden 600 çemesi türgen gatnaşdy. Ýeňiş gutly bolsun, höwri kän bolsun, Gülbadam!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň