Russiýanyň nebitgaz senagatçylar birleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanýar

02:5427.10.2017
0
4593

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatçylar birleşiginiň geňeşiniň başlygy Ýuriý Şafranigi kabul etdi. 

Myhman türkmen Lideri bilen görşüp, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy bilen mähirli gutlady we berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de Watanymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Şunda ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan depginli ösýän Türkmenistan bilen işewür aragatnaşyklary berkitmäge rus işewürliginiň yzygiderli gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz rus hyzmatdaşlary bilen özara bähbitlere kybap gelýän netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Söhbetdeşligiň barşynda Ýuriý Şafranik Russiýanyň nebitgaz senagatçylarynyň täze bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşyp, geljegi uly türkmen bazarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigi barada aýtdy. Hususan-da, munuň özi uglewodorodlary hem-de beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gözlemäge, gazyp almaga we gaýtadan işlemäge degişli ulgamlardyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge rus kompaniýalarynyň taýýardygyny goldap, nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmakda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady hem-de russiýaly hyzmatdaşlara bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk teklipleri bermegi teklip etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen Lideri we myhman uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň