Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

16:5520.10.2017
0
828
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2022-nji ýylda ýurdumyzda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu çäräniň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Onuň netijeleri döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny kämilleşdirmek, möhüm milli maksatnamalary işläp taýýarlamak, ilatyň demografiýa ýagdaýyna baha bermek üçin wajyp bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow degişli edaralaryň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny giňeltmek, kuwwatyny hem-de milli ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge goşýan goşandyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmen döwletiniň Baştutany söwda we telekeçilik işini kämilleşdirmek, işewürligi işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply senagat toplumyny döretmekde hususy başlangyçlary höweslendirmek, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew şu ýylyň 2-4-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2017” atly XXII halkara maslahaty hem-de sergini guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda nebitgaz kompaniýaniýalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Halkara maslahatynyň gün tertibine dünýäniň,sebitiň we ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň hem-de bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi, pudaga daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly meselelerine, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamalaryna aýratyn üns berler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki güne çenli 735 müň 787 gektar meýdana bugdaý ekildi. Şunuň bilen birlikde, agrotehniki kadalara laýyklykda ak ekinlere ideg etmek, şol sanda ösüş suwuny tutmak, haşal otlara garşy göreşmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň pagtaçylary golaýlaşyp gelýän ajaýyp baýramçylygy – Garaşsyzlyk gününi zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Häzirki güne çenli Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryldy. Ýygnalan pagta hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz ýetirlýär, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna karbamide barabar zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada-da hasabat berdi.

Täze gazhimiýa toplumynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda taslamada göz öňünde tutulan möhletlerde gurulýandygy hem-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilýändigi habar berildi. Häzirki wagtda desgada gurluşyk-gurnama işleri çalt depginde alnyp barylýar.

Zawodyň baş elektrik üpjün ediji bekedinde kabelleri gurnamak, deňizden suw alyş bekedinde nasoslaryň we enjamlaryň gurnama işleri alnyp barylýar. Suwy himiki taýdan arassalamak bölüminde, bug gazanlaryny suw geçiriji we beýleki bug geçiriji turbalarynda, gaztrubina generatorynda orta hem-de pes basyşly synag işleri geçirilip, ilkinji sazlaýyş-goýberiş işlerine taýýarlyk görülýär.

Garabogaz şäherindäki “Bekdaş” gämi duralgasynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça gurluşyk işleri dowam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde bina edilen medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk we şanly wakalar mynasybetli işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Bu tapgyrda ýurdumyzyň dürli ministrlikleri we pudak edaralary, Aşgabat şäher häkimligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu binalaryň buýrujylary boldular. Häzirki döwürde täze binalaryň gurluşyk işleri doly tamamlanyp, olaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mejlisde Bereket lokomotiw deposynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk, häzirki zaman awtoulag kärhanasynyň we okuw-türgenleşik merkeziniň gurluşygynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy, “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary pudagyny 2018-2021-nji ýyllar aralygynda ösdürmegiň esasy ugurlarynyň makstanmasynyň” taslamasy, şu ýylyň 10-12-nji noýabrynda Ýaponiýada geçiriljek Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň meýilnamasy,  Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk,  şu ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Tehnologiýalar merkezinde geçirilen “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly birinji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň netijeleri we beýleki käbir wezipeler barada hasabatlar berildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň