Arhiw

“Ak öý” binalary welaýat merkezlerinde gurlar

22:1513.10.2017
0
10208

Türkmenlerde däp bolan ak öýleri özboluşly gaýtalaýan “Ak öý” binalary Türkmenistanyň ähli welaýat merkezlerinde gurlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna jogakär bellenilen wise-premýerlere, welaýat häkimlerine bu barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat welaýat merkezlerinde “Ak öý” binalarynyň gurluşygyna girişmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz olaryň gurluşygyna 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girişmegi tabşyrdy hem-de “Ak öýlerde” jemgyýetçilik-syýasy we medeni-köpçülik çärelerini iň ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi.

Mary welaýatynda şeýle bina 2015-nji ýylda guruldy, Ahal welaýatyndaky “Ak öýde” bolsa ýakynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahaty geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň