“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gysga möhletli dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna baryp gördi.
Irden milletiň Lideri Hazar deňziniň kenarynda okgunly kemala gelýän halkara derejeli şypahana zolagynyň düzüminiň üstüni ýetiren “Awaza” sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.
Egindeşleri bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, şol sanda giň möçberli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek taslamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň trenažýor zalyna bardy. Şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan bu köpugurly sport “şäherjiginde” türkmen türgenleriniň okuw-türgenleşiklerini geçirmek, türgenleri hem-de ýygyndy toparlary Aziýanyň we dünýäniň çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak, şeýle hem dürli ýaryşlary, şol sanda halkara derejeli bäsleşikleri geçirmek üçin oňaýly şertleriň döredilendigi bellärliklidir.
Döwlet Baştutanymyz trenažýorlarda birnäçe maşklary ýerine ýetirip, özüniň beden taýdan taýýarlygynyň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek görkezdi. Munuň özi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesidir. Milli Liderimiz myşsalaryň belli bir toparyny pugtalandyrmak we ösdürmek üçin niýetlenen, adamyň özüni duýşuna oňyn täsir edýän hem-de bedenini berkitmäge ýardam edýän trenažýorlaryň her biriniň aýratynlyklaryna ünsi çekip, olary dogry we netijeli ulanmagyň ähmiýetini nygtady. Tejribäniň görkezişi ýaly, sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidir.
Şu pursatda bolsa ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, trenažýorlarda maşklary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýardylar, şeýle hem toparlara bölünip, toplumyň sport zallarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guradylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa we wise-premýer A.Garajaýew bilen söhbetdeş bolup, milli sport ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary netijeler sportuny giňden wagyz etmek meselelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sport, mugallymçylyk we medeni-aň-bilim düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň boks zalyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin sport çärelerini guramak bilen baglanyşykly işi işjeňleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynda we guramalarynda, ähli pudaklaryň zähmetkeşler toparlarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda yzygiderli işleriň alyp barylmalydygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän pudaklaýyn sport desgalarynyň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşmegiň ähmiýeti barada aýdyp, sport ulgamynda ýokary netijeleri gazanmak üçin bu babatda işleriň toplumlaýyn hem-de yzygiderli alnyp barylmalydygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz trenažýor zala baryp, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan şu ýylda ýurdumyzda köpsanly sport çäreleriniň geçirilendigini, bu bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna degişli derejedäki taýýarlygy üpjün edýändigini belledi. Milli Liderimiz “Awaza” sport toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna kanagatlanma bildirip, häzirkizaman sport enjamlarynyň netijeli ulanylmagy, onuň sport bilen meşgullanmaga isleg bildirýänlere elýeterli bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.