15-nji iýulda ýurdumyzyň baş şäherinde ykdysady we durmuş maksatly binalaryň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, täze ýollaryň açylyş dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň birbada 5-siniň açylyş dabarasy boldy.
Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň bina eden döwrebap çagalar baglary körpeleriň ygtyýaryna berildi. Özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan täze çagalar baglarynyň matematika, kompýuter, lingafon, sözleýiş dilini ösdurmek, bedenterbiýe otaglary bolup, olarda çagalaryň yzygiderli meşgullanmaklaryny üpjün edýän ähli zerur şertler döredilipdir.
Täze gurlan çagalar bagynyň öňündäki meýdançada paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň döredijilik toparlarynyň taýýarlan şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu ýerde çagalar baglarynyň gurluşugyna işjeň gatnaşyp, has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.