Soňky habarlar

Arhiw

Siz arassa derini gowy tanaýaňyzmy?

0
27293

Gündelik durmuşda deri önümlerini satyn aljak bolanymyzda köp pikirlilik bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.

Deriniň ýerini tutujylara nähili atlandyrmalar berseler-de, ol hiç haçan arassa deri ýaly bolup bilmeýär.

Şonuň üçin biziň ählimiz hut deriden ýasalan önümleri saýlaýarys. Ýöne kä halatlar deriniň ýerini tutýan zatlardan ýasalan önümler edil arassa deriden ýasalan önümlere örän çalymdaş bolýar.

Şu ýerde olary nädip tapawutlandyrmaly diýen sorag ýüze çykýar. Geliň ony anyklalyň. 

Şeýlelik bilen, arassa deri – dessury hojalyk ýa-da senagat kärhana şertlerinde gönleriň eýlenmegi bilen alnan, gymmat, berk, maýyşgak we uzak wagtlap hyzmat edýän materiýaldyr. Deri dürli pudaklarda ulanylyp bilner, egin-eşik we aýakgap önümçiliginden, kitap daşlyklarynyň we beýleki ownuk kanselýar harytlaryndan başlap, tä mebelleriň ýüzlüklerine we ş.m. çenli ulanylyp bilner. 

Emeli usulda ýasalan deri diýmek bolsa, trikotaž ýa-da mata, dokama däl polotnonyň üstüne çalynan polimer plýonkaly örtük. Polimeriň giň ýaýran görnüşi polwinilhlorid (pwh) hasaplanylýar, onuň ýokarky gatlagy howa geçirmeýär. 

Biziň gepleşik dilimizde ýene bir täze dörän söz “Eko deri”. “Eko deri” näme?  Eko deri – ýokary tehnologiki materiýal, emeli usulda ýasalan derinden tapawutlykda deriniň bu görnüşi howa geçirýär we poliwinilhlorid (pwh) goşulmazdan ýasalýar. Ulanyş prosesinde bolsa, polimer plýonkadan zyýanly serişdeler bölünip çykmaýar, olar ekologiki hasaplanylýar. Olaryň arasyndan mikro deşikler geçýär, hut şonuň üçin eko deri howa we suw buglaryny geçirýär, ýöne üsteligine-de ol suw geçirmeýär. 

Deri önümlerini öndürmek üçin ulanylýan materiýallaryň üçüsiniň ählisi hem bütinleý meňzeş diýen ýaly. Hakyky arassa deriniň artykmaçlygy nämede we ony adaty satyn alyjy nädip tapawutlandyrmaly? Bu ýerde biziň ýerli öndürijilerimiziň tejribeli hünärmenleriň pikirine esaslanmaly bolýarys. 

Aksuw” kärhanasy 12 ýylyň dowamynda Türkmenistanda iri deri kärhanalaryň biriniň eýesi hasaplanylýar, olar dürli reňkde arassa derini öndürýärler. Önümçilikde iň täze italýan we türk enjamlary ulanylýar. 

Kärhananyň hünärmenleri arassa derini emeli usulda ýasalan deriden tapawutlandyrmagyň birnäçe esasy usullaryny tapawutlandyrýarlar, ine olar:

  • Arassa deriniň tapawutlandyryjy häsiýeti – bu onuň tebigy sähel duýulýan ysy hasaplanýar, mundan tapawutlylykda emeli usulda ýasalan deriniň ysy sintetiki materiýallaryňka meňzeş bolýar. Ys örän duýulýar.
  • Önümi elläp görüp we biraz elde saklap anyklamak hem mümkindir, eger ol arassa deri bolsa, tiz ýylaýar we birnäçe wagtlap siziň beren ýylylygyňyzy saklap biler, eko deri ýa-da emeli usulda ýasalan deri bolsa ýylylygy geçirmeýär we saklamaýar, şonuň üçin ol salkynlygyna galýar. 
  • Arassa deriniň daşky görnüşi – gaýtalanmajak we üýtgeşik nagyşy bolýar, emeli usulda ýasalan deride bolsa, nagyşlar birmeňzeş bolýar.
  • Arassa deri ýumşak we maýyşgak bolmaly, basylan ýa-da çekilen ýagdaýynda başdaky şekiline tiz gelmeli. Eplenýän ýerlerinde arassa deri öz reňkini üýtgetmeýär, munuň tersi, emeli usulda ýasalan deride kiçiräk ýygyrtlar galýar.  Arassa deriniň ters üst tekizligi mahmal ýaly bolýar, zamşany hem ýatladýar. 

  • Şeýle-de, hökmany suratda gyrasyna hem üns beriň, sebäbi arassa deriniň gyrasy bitekiz we büdür-südür bolýar, emeli usulda ýasalan deriniň bolsa gyrasy örän tekiz  we ýylmanak kesimi bolýar. Arassa deriniň ýylmanagynda öz arasynda özara örülen süýümleri görmek bolar. Eger olaryň deregine mata esasy, trikotaž ýa-da dokma däl materiýal bolsa, şübhesiz bu deriniň ýerini tutujydyr. 
  • Materiýalyň nusgasy satyn alyşda örän peýdaly we wajyp element. Eger haryda taýýarlanan materiýalynyň nusgasy goýlan bolsa, figura romby arassa deri, adaty romb bolsa, deriniň ýerini tutujy diýmekdir.

 

  • Suw arassa deriniň üstüne düşende ol siňýär we deride onuň üstünden suw ýitýänçä suwuň yzy galýar. Emeli usulda ýasalan deri suwy siňdirmeýär. Bu usuly kurtka, plaş we ş.m. ýaly ýokary egin-eşikleri satyn almakda ulanyp bolar. 
  • Deriniň oda garşy durup bilijiligi. Eger arassa derä ot ýetirilse, ol ýanmaýar, kem-kemden ýygrylyp, kakadylma meňzeş ysy bölüp çykarýar diýen teoriýa hem bar, ýöne seresap bolmaly, sebäbi deri önümleri anil örtügi bilen işlenilýär, arassa deri hem ýanyp biler. Arassa deriden tapawutlykda, emeli usulda ýasalan deri oda ýetirilen halatynda şol pursatda tutaşýar we yzy plastik gutular ýaly ýanýar we örän ýiti ys çykarýar. Önümi zaýalamazlyk üçin beýle tejribeleri örän seresaplyk bilen geçirmeli. Üsteligine-de arassa deri-de oduň uzak wagtlap täsirinde şekilini üýtgedýär.

Şeýlelik bilen, “Aksuw” kärhananyň hünärmenleriniň hödürlän esasy alamatlaryna eýerip,  her bir adam arassa derini emeli usulda ýasalan derini tapawutlandyryp biler, bu bolsa onuň indiki satyn almagynda örän peýdaly bolar.

Kärhananyň önümleri bilen has giňişleýin tanyşmak üçin berlen salgylanma boýunça geçiň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar